sahna

  1. Teatr oýny alnyp barylýan ýörite meýdança we umuman teatr, teatr işi.

    • Muzyka saz çalýar, sahna açylýar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Gogol «Derňewçi» komediýasyny 1836 njy ýylda ýazyp gutarýar we şol ýyl hem ol komediýa sahnada oýnalýar. («Edebiýat»)

  2. Göçme manyda Waka, hadysa.

    • Mamanyň döreden tragediýa sahnasy birnäçe minutlap dymypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)