sagynmak1 işlik

Malyň süýdüni özüň üzin sagyp almak.

  • Geçi sagynmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem sagynmak - sagnar, sagnypdyr.

sagynmak2 işlik

[sa:gynmak]

Ýaýdanjyrap bir zada ýa-da birine garaşmak, haýal etmek, ýaýdanmak.

  • Kiçijik tokaýyň etegine ýetip sagyndy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ýelli iki-üç ädim maşyna ýetmän sagynyp galdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Familiýaň! -- diýip, ol bir sagynyp durjak ýaly etdi-de soň ýüzüniň, ugruna aýdyp goýberdi. (M. Ysmaýylow, Powestler)