sagylmak işlik

Malyň ýelninden süýt alynmak.

  • Sagylýan sygyrlar geçen ýylyň tomsundan bäri ýatakda saklanyp bakylýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Sygyrlar sagylmaga başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem sagylmak - saglar, saglypdyr.