sagdak1

Könelişen söz Ýaýyň oky salynýan gap.

  • Diwarlaryň ýüzünde agaç gaňyrçaklardan asylgy duran sagdaklardan dürli nusgalardaky peýkamlar we ýaýlar görünýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Eger sen gylyç-sagdagyny boýnuňdan asyp özüň gelen bolsaň onda menden merhemet görerdiň. (Aýbek, Nowaýy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sagdak - sagdagy.

sagdak2

Dokmaçylyk Gölçäniň ortasyna salynýan ownuk nagyş.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sagdak - sagdagy.