Düýbünden keselsiz, saglygy oňat, gurat, sagdyn.
Sowatly, sagat bedenli, gurt ýaly dogumly adamlardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Bolsa-da ol süňňi sagat adam ekeni. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Harap bolmadyk, döwülmedik, gurat, abat.
Traktoryň işleýşi örän oňat iç goşy sagat bolmaga çemeli.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sagat - sagady.
Bir zadyň anygyna ýetmek, düýp teýkaryny bilmek.
Men bu gürrüňiň sagadyna ýetdim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
[sa:gat]
Bir gije-gündiz möçberindäki wagt birligini ölçemek we takyklamak üçin mehanizm, gural.
Priýomnikden ses çykmandan soň goltugyndaky sagadyna seredip, oturyp aýbogdaşyny gurdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýeňin çermäp sagadyny görende, Eýýäm göge uçmak wagty bolupdyr. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
60 minutdan ybarat bolan wagt aralygy, gije-gündiziň 24-den bir bölegini görkezýän wagt birligi.
Garakçylaryň at saýlamak, nahar taýýarlatmak işleri bir sagada golaý çekdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Okuw, leksiýa, ders we ş. m. zatlar geçmek üçin bellenen 45 minutlyk wagt aralygy.
Taryh sapagy üçin hepdede 2 sagat berildi.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sagat - sagady.