sag sag 1

Saglygy gowy, keselsiz, sagdyn, gurgun, gurat.

  • Jan agalar, sizler meni geň görmän, jany sag diýip, özüňize deň görmäň. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

  • Ýa-da janyň sag dälmi?! (B. Kerbabaýew, Aýlar)

sag bol!

  1. Hoşlaşylanda aýdylýan aňlatma.

    • Hoş sag bol! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Minnetdarlyk, hoşallyk, bildirmek üçin aýdylýan aňlatma.

    • Halkyň sag bol aýdar saňa, beýik bagty berdiň oňa. (Durdy Gylyç, Goşgular)

sag sag 2

Soluň çepiň garşy tarapy.

  • Anha, ýer hakykatdan hem ýene saga, çepe gyşarýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Duşmanyň esasy berkitmesiniň sag tarapynda içginräk duran bir beýiklik bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ine, giň klubuň sagy hem soly, Şadyýan ýüzlere yşygyn saçýar. (R. Seýidow, Bagtlylar)


Duş gelýän formalary
  • saga
  • sagady
  • sagadymy
  • sagam
  • sagda
  • sagdaky
  • sagdan
  • sagdy
  • sagdygam
  • sagdygyna
  • sagdygyny
  • sagdyklaryny
  • sagdyr
  • sagja
  • saglar
  • saglaryň
  • saglaýyn
  • sagly
  • saglyga
  • saglygam
  • saglygy
  • saglygym
  • saglygymda
  • saglygymy
  • saglygymyz
  • saglygymyza
  • saglygymyzy
  • saglygymyň
  • saglygyna
  • saglygynda
  • saglygyndan
  • saglygyny
  • saglygynyň
  • saglygyň
  • saglygyňa
  • saglygyňy
  • saglygyňyz
  • saglygyňyza
  • saglyk
  • saglykda
  • saglykdan
  • saglykdyr
  • saglykmy
  • saglykmyka
  • saglylygyna
  • sagmy
  • sagmydyr
  • sagmyka
  • sagy
  • sagydy
  • sagym
  • sagyma
  • sagymam
  • sagymda
  • sagymdan
  • sagymy
  • sagymyň
  • sagyn
  • sagyna
  • sagynda
  • sagyndaky
  • sagyndan
  • sagyndanmy
  • sagyny
  • sagyň
  • sagyňa
  • sagyňda