sadyk

[sa:dyk]

Tüýs ýürekden berlen, özüni gurban, sadaka etmäge taýyn, wepaly.

  • Patyşanyň sadyk hyzmatkäri adyny aljagyna buýsandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Oraz han hem täze gubernatoryň öňünde özüniň sadyk guldugyny bildirmek pursatyny elden bermedi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sadyk - sadygy.