sadalyk

[sa:dalyk]

  1. Çylşyrymly dällik, ýönekeýlik, aňsatlyk.

    • Ol aldajak wagtynda özüniň işini örän sadalyk bilen başlap, sadaja işler eder ekeni. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Salykatlylyk, hoşgöwünlilik, ýönekeýlik.

    • Artyk onuň keşbinde sadalykdan başga bir zat görmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sadalyk - sadalygy.