sada sypat

[sa:da]

  1. Ýönekeý, çylşyrymsyz.

    • Himiki sada jisimler.

  2. Beýlekilerden tapawutlanmaýan, ýönekeý, türkana, hoş göwün.

    • Akmämmet aga öz sada düşünjesiçe sapgöwünlilik bilen gürrüňe başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Sen bir sada ýigit bolanyň senden ynjamak-da elbetde, ýersiz! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bilini berk guşap sada daýhanyň topragyňdan ak altynlar döredýär. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Onçakly zynat berilmedik, çylşyrymly däl, ýönekeý.

    • Ähli zatlar ýerbe-ýer, sada bezelen jaý. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  4. Düşünmegi aňsat, kyn däl, düşnükli.

    • Siziň aýalyňyzyň ýönekeý sada dil bilen ýazan hatynyň ýekeje sözi hem bu hatda ýüz esse täsirli. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ertekileriň dili baýdyr we sadadyr.

sada habar

Grammatik termin seret habar