Takatsyzlyk, çydamsyzlyk, sabyr-kararsyzlyk, gyssanaganlyk, bisabyrlyk.
Aýsoltan ata-babalarynyň arzuwy bolan şol bol suwa sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ol onuň ýüzüne soragly gözlerini sabyrsyzlyk bilen gezdirdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Çagyryş habarynyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýören Myrat çalt-çalt sözledi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sabyrsyzlyk - sabyrsyzlygy.