sabyrsyz sypat

Sabry gaçan, takaty gaçan, sabry-karary bolmadyk, sabyr edip bilmeýän, gyssanagan, bisabyr.

  • Maraljyk hem özüniň köpden bäri sabyrsyz garaşýan gününe ýetdi. («Pioner» žurnaly)

  • Possunyny geýip üşemez ýaly, basgylap garlary, barýar sabyrsyz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Bütin klas bolup geň galdyk muňa, ahyr sorag berdik sabyrsyz oňa. (A. Atajanow, Permanyň Mamasy)