Sabry-karary barlyk, takatlylyk, kararlylyk, gyssanmazlyk.
Men olary ýadaman, ýaltanman, gaharlanman, mähir bilen, sabyrlylyk bilen terbiýeledim. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Artyk, Aýna berlen azaby eşitse-de, ot bolup tutaşsa-da, sabyrlylyga saldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sabyrlylyk - sabyrlylygy.