sabyr at

Biriniň bir zada çydam etmäge bolan ukyby, takat, karar, howlukmazlyk, gyssanmazlyk.

  • Her işde söýgülim, gerekdir sabyr. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Sabyr düýbi-sap altyn. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem sabyr - sabry.

sabry gaçmak

Bir zada garaşmakdan hasyl bolmak, takatdan düşmek, bikarar bolmak.

  • Ýene birnäçe aý geçdi, Jemalyň has sabry gaçdy. (Çary Aşyr, Ýaş Kilwanyň Ýalňyşy)

sabry ýetmek

Sabyrly bolmak, sabyrlylyk etmek, takat etmek.

sabyr etmek

  1. Bir zada garaşmak.

    • Sabyr et, oglum, howlukma! («Görogly» eposy)

  2. Sabyrly bolmak, takat etmek.

    • Biz biraz sabyr etjek, belki has amatlyrak aw duşar. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

sabyrňy ele almak

Sabyrsyzlyk bilen howlukmak, sabyrsyzlyk etmek, bisabyr bolmak.