sabyn

[sa:byn]

Kir ýuwmak, ýuwunmak üçin ulanylýan ýag we aşgardan taýýarlanan, suwda köpüreýän goýy ýa-da tokga massa, önüm.

  • Ýüzi, boýny, gulaklary bilen sabyn köpürjigi bolup duran Hoşgeldi gülýän gözlerini çala delmirtdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ol sabyny köpürjedip, ýüzlerine döşlerine çalyşdyryp pugta ýuwundy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Sabyn kesiji maşyn.

arak sabyn

El ýüz ýuwulýan ysly sabyn.