saýylmak1 işlik

[sa:ýylmak]

Hasap edilmek, hasaplanmak.

  • Birinden bir ýaramaz hereket ýüze çykaýsa, gabahat saýylýarmyşyn. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

saýylmak2 işlik

[sa:ýylmak]

Saýgyç bilen urlup tüýdülmek (ýüň, pamyk we ş. m. barada).

  • Saýylan pamygyň gundasy kimin, gülleriň gujagyn doldurdy bütin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)