saýramak işlik

  1. Hoş owazly ses etmek.

    • Bilbiller saýrap, saýrap müň hili heňler çalýar. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

    • Gül-pürçük pudaklarda, saýrarmyş dürli guşlar. («Tokmak» žurnaly)

    • Şol gözel çoşgun bilen saýraýan torgaýlaryň «jüýp-jüýpi» eşidilýärdi. (B Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Göçme manyda Şadyýan gürlemek, çeper sözlemek, oňat aýdym aýtmak.

    • Çeper sözleri çöpläp, näzik saýraýar dilim. (N. Pomma, Saýlanan eserler)