saýraşmak işlik

Hoş owazly ses edişmek.

  • Bilbiller saýraşýar hoş owaz-sesli, gezmäge ýaraşýar kolhozyň bagy. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Boş meýdanda torgaýlar jyg-jyg edip saýraşýar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Saýraşýan bilbilleriň sazlaşykly owazy derwezä ýakynlaşan badyňa gulagyňa ilkäkilikler öz dillerinde saýraşyp ýorgalaşýardylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)