saýmak1 işlik

[sa:ýmak]

Hasap etmek, hasaplamak.

  • Aýna Artygy özüne has ýakyn saýýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Eger kakamyň özüne duran ýeri ynamdar adamsy Ýelli bolsa onuň duran ýeri hemişe çukuryň gyrasydyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

saýmak2 işlik

[sa:ýmak]

Saýgyç bilen urup tüýtmek (ýüň, pamyk we ş. m. barada).

  • Men hem goýunlaryň ýüňlerini gyrkmaly bolaryn, sen ony saýyp, keçe etmeli bolarsyň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ýorgana salmak üçin ýygnap ýören ýarym halta çüprek ýüňüni tüýdüp çykdy, ony saýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)