saýlanmak işlik

  1. Köp zadyň içinden saýlanyp, seçilip alynmak.

    • I. W. Miçurin çaknyşdyrmagy, ýagny ýörite saýlanyp alnan ösümlikleri emeli usul bilen tozanlandyrmagy giň ulanýardy. (W. A. Tetýurew, Botanika)

  2. Saýlawdan geçmek, saýlaw üsti bilen bir wezipä, wekilçilige bellenmek.

    • Arkaýyn dem alýar işden gelende, saýlanýar, saýlaýar, saýlaw bolanda. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Köpçülikden ýa-da bir ýerden uzaklaşmak, arany açmak.

    • Annak dagy maşyna oturanlarynda ülker ýerden ýaňyja saýlanypdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Bular obadan ep-esli saýlanyp, bir erik agajynyň kölegesinde oturdylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Bir parhly alamaty bilen tapuwutlanmak, beýlekilerden tapuwutly bolmak.

    • Uzyn boýy gök meýdanda saýlandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Ösüp ýokary galyp başlamak.

    • Ýerden ep-esli saýlanan göm-gök öwüşýän goweçalara seretdigiňçe seredesiň gelýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)