saýgarylmak işlik

  1. Göze ilmek, görünmek, tanalmak.

    • Ýyldyz ýagtysyna towşanyň akja butlary saýgarylýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Onuň mähmet gözlerinde gyzgylt çylgymlar saýgaryldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Aňşyrylmak, duýulmak, bilinmek.

    • Artygyň sypatynda-da öten ýylka garaň-da bir hili merdemsilik, doluşanlyk keşbi saýgarylýady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)