saýgarmak işlik

  1. Aýyl-saýyl etmek, tanamak, görmek, bilmek, aňşyrmak.

    • Alasarmyk garaňkyda Hoşgeldi Onuň ýüz keşbini gowy saýgaryp bilmedi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Meniň-ä gözüm gowy saýgarmaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ol ýanlygyň sazyna gyzygyp, töwerekden gelýän -- geçýäni-de saýgarmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Köprä golaý gelende maşinist onuň abat däldigini saýgarsa-da maý az bolany üçin, ony saklap bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göz ýetirmek, tanamak, bilmek.

    • Saýgarmady duşman nirde dost nirde? (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Men basjak ýerim bilen basmajak ýerimi gaty saýgarýan. («Sowet edebiýaty» žurnaly)