saýalatmak işlik

[sa:ýalatmak]

seret kölegeletmek

  • Munuň her düýbüniň astynda sürüli goýny saýalatmak mümkindi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem saýalatmak - saýaladýar, saýaladar, saýaladypdyr.