saýa

[sa:ýa]

Dialektal söz seret kölege

  • Olar günorta naharlaryny baglaryň salkyn saýasynda edinýärdiler. (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Seleň saýa salýan bilbilli baglaň alma, enar, üzüm peýwendi berýär. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

saýa salmak

Arkadaýanç, pena bolmak.

  • Sarsmaz beýik soýuzyň sen aýrylmaz pudagy, saýa salýar üstüňe dostlaryň al baýdagy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)