saý1

Çuň bolmadyk, ýalpak (suw barada).

  • Şu keçjal kaspiniň garly gaýlary, gämini owradýan daşly saýlary. (N. Amanow, A. Kowusow, Balykçylar)

saý2

Sagat, sagdyn, daýaw, saýlama.

  • Ýüz sany saý atly atlanýar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Habar berlen mütdetinden saý atlynyň ýola çykmagy şübhesizdi. (A. Gowşudow, Eserler)