saçmak işlik

Ýaýratmak, seçelemek, pytratmak.

  • Gün dogup äleme nuruny saçdy dünýäni ýagtyltdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

agzyňdan ak köpük saçmak

seret agyz

  • Rota komandyry agzyndan ak köpük saçyp samrady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

der saçmak

seret der

dür saçmak

seret dür

eli dür saçmak

seret el

  • Berekella, gyzlar! Elleriňiz dür saçýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gan saçmak

seret gan

  • Eýran şalarynyň leşgerleri sansyz gezek öz ganlaryny saçypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

many saçmak

seret many

  • Her bir sözi many saçýar ýerbe-ýer. («Sowet edebiýaty» žurnaly)