Çörek dolamak, nahar iýlende öňe ýazmak we ş. m. üçin ulanylýan ýörite dokalan ýa-da bölek mata, supra.
Näzik eje düýe ýüňünden egrilip dokalan owadan saçagyny orta ýazdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Garry saçak ýazyp, palaw getirdi goňşynam çagyryp bile oturdy. (R. Alyýew, Kommunizm ýolunda)
Içine her hili pişme, çapady we ş. m. zatlar salnyp, toýda we ş. m. eltilýän supra.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem saçak - saçagy.