sürmek işlik

  1. Ýöredip herekete getirmek (ulag, maşyn hakda).

    • Welosiped sürmek.

  2. Bir ugra hereket etdirmek, ýöretmek.

    • Bular mallary gaty gowy bakardylar, nirede otluk ýer bolsa şol ýerik sürüp äkiderdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Oraz mallary otluga sürdi.

  3. Itip ýerine eltmek, itip süýşürmek.

    • Ol tüpeňine ikinji gezek ok sürende, Kelhan onuň goşaryndan tutdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Ekmek üçin topragyň ýokarky gatlagyny azal we ş. m. bilen agdarmak.

    • Siz ertir sürmeseňiz, galanja ýeriňiz tapdan çykar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Tarp hem-de boz ýerleri sürmek we özleşdirmek baradaky plan has artdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  5. Ýüzüni sürtmek, degip ýukaltmak.

    • Elleriniň aýasyny galtagyň sapy sürüp, awuşadyp alyp barýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sürmek - sürdüm, sürdüň, sürüpdir.

agalyk sürmek

seret höküm sürmek

  • Emma agalyk sürýän toparlar sosial göreşi dürli ýollar bilen tireler arasyndaky göreşe sowmak isleýärdiler. («Mugallymlar Gazeti»)

döwi sürmek

seret döw2

  • Gurt gartyň şärikdeşi-de ýokdy, zady-da ýokdy, ol pullar döwüniň süren gijesi utan puludy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

höküm sürmek

seret höküm

  • Jaýyň içinde tukat ümsümlik höküm sürýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Töwerekde gyzgalaňly hereket höküm sürýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

ömür sürmek

seret ömür

  • Ömür sürerin diýseň, batyr bol-da gel! (M. Gorkiý, Eserler)

öňe sürmek

seret öň

  • Patyşanyň bet işine protest bildirip, işçileriň iş taşlamadyk we syýasy talaplary öňe sürmedik hiçbir şäheri galmady. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

ugruna sürmek

seret ugur

  • Hoşgeldi hem razyçylyk bildirip, onuň ugruna sürdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)