süren

  1. Tilki, şagal we ş. m. haýwanlaryň ýer gazyp ýaşaýan giň hini.

    • Kerwenler hem hälki gulpy döwük kuýzeleriňi tilkiniň süreniniň agzynda taşlap gidenler. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

  2. Göçme manyda Jaý, öý, girelge.

    • Nemesleriň bosgunlary girere süren tapman, ibirtde-zibirt bolup, top oklarynyň astynda mynjyraýardylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Biziňem şunuň ýaljak süren edinmegimiz gerek. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)