süplük

Süpürilip toplanan, ýygnalan çöp-çalam, çöp-çalam galyndysy, süpleme.

  • Onuň aýaly daşarda tamdyra odun eltjek bolup, süplükleri syryşdyryp ýördi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem süplük - süplügi.