süpürmek işlik

  1. Öýi, düşegi we ş. m. sübse bilen arassalamak, tämizlemek.

    • Onsuz hem arassa howlyny yhlas bilen süpürmäge başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir zady syryp aýyrmak, arassalamak.

    • Nursoltan başyndaky ýaglygy bilen gözüniň ýaşyny süpürdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Göçme manyda Aradan çykaryp aýyrmak, kowmak.