süpürilmek işlik

  1. Sübse bilen arassalanmak, syrylmak.

    • Howlynyň içi suwlangy, tämiz süpürilgidi. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  2. Syrylyp, sürtülip aýrylmak, arassalanmak.

    • Aýnanyň ýüzi süpürildi.

  3. Göçme manyda Aradan çykarylyp kowulmak.

    • Ak patyşanyň galyndysy süpürilip zyňylmaga başlandy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)