sümmek işlik

  1. Sümelgeden geçmek, deşikden ýa-da bir aralykdan ýapylyp, süýşüp geçmek.

    • Şol wagtda wagonyň aşagyndan sümüp geçen bir göwrä gözi düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Bir ýere baryp girmek, sokulmak, ýerleşmek.

    • Ol bir meýdan ýöränden soň, gür tokaýa sümdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Sümen eken ol bir ýolbaşçy işe. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sümmek - sümdüm, sümdüň, sümüpdir.