sümmül1

Botanika Däneli ekinleriň boý alyp başa durmazynyň öň ýanyndaky görnüşi.

  • Sypap baharyň ýelleri, ýetişdirdi sümmülleri. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

sümmül2

Gawun-garpyzyň bişendigini ýa-da çigdigini bilmek üçin onuň bir gapdalyndan deşilip alynýan bölegi.

  • Garpyzyň bir ýerinden sümmül almasaň, ýa iki ýarmasaň, onuň içiniň gyzyldygyny, sarydygyny daşyndan saýgarmak mümkin däl. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)