sümelge

  1. Sümüp geçilýän deşik ýa-da aralyk.

    • Ol diwardan sümelge açdy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  2. Göçme manyda Ugursyz ýaşaýyş jaýy, öý, jaý.

    • Meniň maşgalama sümelge gerek, nätsemkäm? -- diýdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Bir sümelge salmaga kömekleşdi garyp il. (A. Kekilow, Çopan we Patyşa)