sümülmek işlik

  1. Sümelgeden, deşikden ýapyrylyp, ýygrylyp geçmek.

    • Biz sümelgeden sümlüp geçdik.

  2. Bir ýere baryp girmek, sokulmak, aralaşmak.

    • Men köpriniň aşagyna sümüldim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Men onuň gözüne görnenine ökünip, köplüge sümlüp gitmekçi boldum. («Tokmak»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sümülmek - sümler, sümlüpdir.