sülçi

Ýuridik termin Deslapky derňew işini geçirýän prokuratura işgäri.

  • Harby söweş sudunyň sülçüsi Ezizi soraga çagyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Heniz köp gün hem geçmändi, bu işi derňemäge ýörite sülçi geldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem sülçi - sülçüde, sülçüler, sülçüsi.


Duş gelýän formalary
  • sülçini
  • sülçiniň
  • sülçiň
  • sülçiňiz
  • sülçä
  • sülçüler
  • sülçülerdir
  • sülçülere
  • sülçüleri
  • sülçülerini
  • sülçüleriniň
  • sülçüleriň
  • sülçüligiň
  • sülçülik
  • sülçülikden
  • sülçüsi
  • sülçüsine
  • sülçüsiniň
  • sülçüsiz