süňk at

  1. Anatomiýa Adam, haýwan bedeniniň aýry-aýry skelet bölekleri.

  2. Göçme manyda Beden, göwre.

    • Işde berkän süňküň tejribede bişen eliň hünäri bap-başgadyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Göçme manyda Arryk, hor.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem süňk - süňküm, süňküň.

etden geçip süňke ornamak

seret et

süňk başy iri

Süňki iri, süňklek, daýaw (adam barada).

  • Ol eli berdaşly, süňk başy iri, daýaw adamdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

süňküni sanabermek

Örän arryk bolmak, hor düşmek.