süňňi

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem süňňi - süňňüde, süňňüler, süňňüsi.

süňňi gowşak

Özünde bir hili gowşaklyk duýmak.

  • Altynyň Annagula gözi düşenden süňňi gowşady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

süňňi sagat

Sagdyn bedenli, jany sag.

  • Alty sany çaganyň enesi bolsa-da onuň süňňi sagatdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

süňňi ýeňil

Örän ykjam, dogumly, çalasyn hereket edýän (adam hakda).

süňňüň agarmak

Azap, ezýet, horluk görmek.

süňňüňi tutup bilmezlik

Gahardan, gorkudan we ş. m. ýaňa özüni asyda saklap bilmezlik.

  • Artyk öz süňňüňi tutup bilmeýän ýaly syzdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytyl ädim)