süýt at

  1. Aýallaryň we süýtemdiriji haýwanlaryň çagalandan soň, çagalaryny emdirmek üçin göwüs mäzlerinden çykýan ýokumly ak suwuklyk.

    • Ak göwsünde ak süýt berip ösdüren, sen meniň tenimde janym, eje jan! (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Süýt, mesge, ýumurtga, ýüň tabşyrmakda-da biz planymyzy artygy bilen doldurdyk. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer. (nakyl)

    • Gulanyň ödi bolmaz, guşuň -- süýdi! (nakyl)

  2. Käbir ösümliklerden çykýan ak şire.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem süýt - süýdüm, süýdüň.

agzyndan süýt ysy gitmedik

seret agyz

  • Heniz onuň agzyndan emen süýdüniň ysy gitmändir. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

süýt kölüne batyrmak

seret köl

  • Remontçylar olary süýt kölüne batyryp goýdular. («Tokmak» žurnaly)