Çekilip, dartylyp boýuna ýa-da inine uzalmak.
Garnaýyç sakgyjy rezin ýaly süýnýär.
Süýnýän ýaly çalt hereket edip gitmek.
Aýsoltanlar tarapdan mele maşyn ýer gyryp, emaý bilen süýnüp gelýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Uzynlygyna gyşaryp ýatmak, gyşarmak.
Ol özüniň garaňkyrap duran otagyndaky krowatyň üstünde süýnüp ýatyrdy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem süýnmek - süýndüm, süýndüň, süýnüpdir.
seret sütün
Ýer gazdym, sütünimem süýndi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Togalak bolmadyk, uzynak, süýri.
Süýnmek garpyzlar çaknyşyp ýaty. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Gurbanyň öňünden süýnmek, pessejik bir dapa çykdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)