Gant, konfet we ş. m. önümleriň umumy ady.
Aknabat eje bir düwürjik süýjini agzyna salyp, käsesini göterdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
On iki ýaşçik süýji aldyk. («Tokmak» žurnaly)
Ýakymly tagamy bar bolan, tagamly.
Olar kemsiz bişen in süýji erigi gözleýärler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ajy ýa-da şor, ýakymsyz bolmadyk.
Respublikamyz süýji suw zapaslaryna baýdyr. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Göçme manyda Göwne ýaraýan, lezzet berýän, ýakymly, mylaýym.
Göwni süýji oýlarda ýüwürýän Aýsoltan Begenje nazaryny dikdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ajysy bolmadygyň, süýjüsi bolmaz. (nakyl)
Bal süýji, baldan bala süýji. (nakyl)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem süýji - süýjüde, süýjüler, süýjüsi.