süýjülik süý‧jü‧lik

  1. Süýji tagamlylyk.

    • Süýjülik, ajylyk, turşulyk üçin aýry-aýry reseptorlaryň barly-gyna göz ýetirmek kyn däldir. (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy)

  2. Göçme manyda Lezzetlilik, mylaýymlylyk.

    • Belki, ol häzir, özüniň uzak geçen ýollaryny, özüniň dünýäden dadan ajy we süýjüliklerini ýadyna düşürýändir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Könelişen söz Gelin toýunda guda äkidilýän süýji zatlar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem süýjülik - süýjüligi.


Duş gelýän formalary
  • süýjüligi
  • süýjüligine
  • süýjüligini
  • süýjüligiň
  • süýjülikde
  • süýjülikdir
  • süýjüliklerden
  • süýjüliklerini
  • süýjülikli