süýşmek1 işlik

Ýuwaşlyk bilen bir tarapa hereket etmek, gozganmak.

  • Uzyn konweýer emaý bilen süýşüp barýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Bu iki aradan süýşüp geçmek mümkin däldi. (H. Ysmaýylow, Powestler)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem süýşmek - süýşdüm, süýşdüň, süýşüpdir.

süýşmek2 işlik

Artyp galmak, harçlanman galmak, tygşytlylykdan galmak.

  • Gaýnan suwumyz süýşse, size-de bir çäýnek bereris!

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem süýşmek - süýşdüm, süýşdüň, süýşüpdir.