süýşürmek1 işlik

Ýuwaşlyk bilen bir tarapa hereket etdirmek, bir ýerden ikinji bir ýere geçirmek, ýerinden gozgamak.

  • Ol öz oturgyjyny oňa bakan golaýrak süýşürdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol kendirigini çalçanyň üstüne süýşürip, Annala ýassyk oklady. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

süýşürmek2 işlik

Artdyryp galdyrmak, harçlaman galdyrmak, tygşytlamak.