söwda at

[söwda:]

Haryt dolanyşygy, alyş we satyş boýunça hojalyk işi, alyş-beriş, söwda-satyk.

  • Müsürliler dürli ýurtlar bilen söwda gatnaşygyny ediýärdiler. (Gadymy dünýä taryhy)

  • Aýsoltan magazini öňünden geçende, dükanda gyzgyn söwda gidýärdi. (B. Karbabaýew, Aýsoltan)

söwda etmek

Her hili hojalyk harytlary satyp, peýda görmek.

söwda gyzdyrmak

Biriniň satyn aljak bolýan zadyna ýalandan hyrydar bolmak, özüňi şol harydy aljak ýaly ýagdaýda görkezmek.