söwüş

Gelen myhmanyň hatyrasy üçin soýulýan mal.

  • Artygyň daýysynyň soýan söwşi gara gazanda bygyrdap gaýnady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Söwüş iýseň, çebiş iý, maza berer dişiňe. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem söwüş - söwşüm, söwşüň, söwşi.

söwüş etmek

Janly soýup, myhmany hormatlamak.