sökmek işlik

  1. Gurulgy zady bozmak, böleklerini biri-birinden aýyrmak.

    • Gel, Oraty, şu oturgyjy söküp göreli! (H. Ysmaýylow, Powestler)

  2. Geýimiň we ş. m. tikinini sogrup, böleklerini biri-birinden aýyrmak.

  3. Köpýyllyk ekinleriň ýerini sürmek, bozmak.

    • Şu geljek gyş biz garran ýorunjalarymyzy sökmeli bolarys. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  4. Birnäçe ýeri aýlanyp çykmak, köp ýere barmak, agtaryp köp ýol ýöremek.

    • Ýarym adanyň ilatly punktlarynyň arasyny gum depelerini, uly ýaplary söküp geçýän asfalt ýollar birikdirýärler. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  5. Ýuridik termin Bir işe täzeden garamak.

    • Oblsud raýon sudunyň şol mesele baradaky kararyny sökdi.

  6. Endamyňy gowşatmak, meýmiretmek.

    • Içeriniň gyzgyn howasy ony sökdi.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem sökmek - sökdüm, sökdüň, söküpdir.


Duş gelýän formalary
  • sökdi
  • sökdi-de
  • sökdük
  • sökdüler
  • sökdüm
  • sökdür
  • söken
  • sökende
  • sökendigine
  • sökenine
  • sökenlerinden
  • söker
  • söker-de
  • sökersiň
  • sökme
  • sökmedim
  • sökmegi
  • sökmegiň
  • sökmek
  • sökmekden
  • sökmeklige
  • sökmeklik
  • sökmeli
  • sökmelidir
  • sökmese
  • sökmäge
  • sökmäniň
  • sökse
  • sökse-de
  • sökseler
  • sökseň
  • söküp
  • söküpdi
  • söküpdiler
  • söküpdir
  • söküpdirler
  • söküň
  • sökýäne
  • sökýänem
  • sökýär
  • sökýärdi
  • sökýärdik
  • sökýärler