sökdürmek işlik

  1. Gurulgy zady bozdurmak, bölek-bölek etdirmek.

    • Ol çig kerpiçden salnan öz haýatyny sökdürip, bişen kerpiçden saldyrdy. («Tokmak» žurnaly)

  2. Geýimiň we ş. m. tikinini sogurdyp, bölek-bölek etdirmek.

  3. Köpýyllyk ekinleriň ýerini sürdürmek.

    • Ýorunjany sökdürip, ýerine başga ekin ekdirmek gerek.

  4. Köp agtartmak, gözledik gapy-gapy aýlandyrmak.

    • Ony heläk edip, uzak ýoly sökdürip çagyrmak gerek däl ekeni.

  5. Ýuridik termin Bir işe täzeden garatmak.

    • Ol özüniň bigünädigini subut etmek üçin, işini sökdürip, täzeden seretdirmek isleýär.