sögünç

[sö:günç]

  1. Sögülip aýdylýan hapa söz.

    • Ol hapa sögünçler bilen ýaman-ýaman sögýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Häzir sögünjiň, gaharyň peýdasyzdygyna ol düşünipdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Birine göwün syndyryjy aýdylýan söz, käýinç.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sögünç - sögünji.