söýmek işlik

  1. Birine söýgi bildirmek, aşyk bolmak, birini halamak.

    • Men öz kärimi söýýän ahyry! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Bir zada isleg, arzuw döremek. Bir zady gowy görmek.

    • Biz gülüm, söýýäris birek-biregi. Söýýänligiň gizläp bilmedi hergiz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem söýmek - söýdüm, söýdüň, söýüpdir.